Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

1761

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm taraplary boýunça pikir alyşyldy.

Şonuň ýaly-da, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.