TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 363 müň dollaryndan gowrak boldy

839

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Ukrainanyň we Gyrgyzystanyň telekeçilerine flanel matasy, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 363 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin binýatlyk ýagy, nebit galyndylaryny, nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» Döwlet kärhanasy), şeýle hem nah ýüplügini we el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 20 million 11 müň manatdan gowrak boldy.

Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.