Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň wise-prezidentini kabul etdi

1717

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda myhman Aziýanyň ösüş bankynyň ykdysady taýdan durnukly ösýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp, onuň saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi we bu gepleşikleriň netijeli bolmagyny arzuw etdi.

Şeýle-de Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenilip, şu ýyl bu hyzmatdaşlyga 25 ýyl bolýandygy aýdyldy.

Söhbetdeşlikde «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän taslamalaryň Türkmenistanyň ykdysady, söwda, ulag we energetika ulgamlaryny ösdürmäge ýardam berýändigi aýratyn bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşler energetika ulgamyndaky özara hyzmatdaşlyga ünsi çekdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça Aziýanyň ösüş banky bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary dowam etmäge möhüm ähmiýet berýändigi aýdyldy.

Türkmen döwletiniň Baştutany kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmegiň hem maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, hususy ulgamy ösdürmek maksady bilen, Aziýanyň ösüş bankynyň ýurduň banklary bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň zerurdygyny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde hem Aziýanyň ösüş banky bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.