Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

2288

9-njy martda Lissabondaky Respublika Assambleýasynyň binasynda Portugaliýanyň täze saýlanan Prezidenti Antoniu Žoze Seguronyň wezipä girişmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, çärä Türkmenistanyň Portugaliýadaky ilçisi (oturýan ýeri Pariž şäherinde) M.Çaryýew gatnaşdy.

Wezipä girişmek mynasybetli dabara Respublika Assambleýasynyň mejlisler zalynda ýurduň ýolbaşçylarynyň, hökümet agzalarynyň, deputatlaryň, şeýle hem daşary ýurt wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň ilçisi Ažuda Milli köşgünde geçirilen resmi kabul edişlige gatnaşdy. Ol ýerde ilçi täze döwlet Baştutany we Portugaliýanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy.

Gysga söhbetdeşligiň dowamynda diplomat Antoniu Žoze Seguro Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan prezident saýlawlaryndaky ýeňşi mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi we syýasatça ýokary döwlet wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Portugaliýanyň Prezidenti gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, geljekde Türkmenistana sapary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.