Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda koreýaly diplomatlar bilen duşuşyk geçirildi

2264

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri bilen iş duşuşygy guraldy. Bu barada edaranyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesi we hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşi kanagatlanma bilen bellenildi.

Taraplar migrasiýa ulgamyndaky köpýyllyk özara gatnaşyklaryň netijelerini seljerip, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada giňişleýin pikir alyşdy. Duşuşykda amala aşyrylýan bilelikdäki işleriň döwletara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga hyzmat edýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda wekiller migrasiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, birek-birege alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.