Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde «Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda» Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Perman esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň «Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda» degişli karary makullanyldy.
Şeýle-de resminamada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň:
1. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Tertipnamasynyň we gurluşynyň kanunçylykda bellenen tertipde taýýarlanylmagyna we tassyklanylmagyna;
2. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini ygtyýarlylandyrmak hem-de bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy amallaryny geçmegine;
3. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň taýýarlygyň ugurlary (hünärler) boýunça okuw meýilnamalarynyň halkara ölçeglere laýyklykda taýýarlanylmagyna hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna tassyklamaga berilmegine;
4. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine okuwa kabul etmegiň meýilnamasynyň kanunçylykda bellenen tertipde tassyklanylmagyna;
5. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde talyplaryň okamak üçin tölegleriniň möçberiniň kesgitlenilmegine;
6. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine 2025-2026-njy okuw ýylyndan talyplaryň okuwa kabul edilip başlanmagyna;
7. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde sapaklary okatmak üçin daşary ýurtlardan mugallymlaryň we hünärmenleriň bellenen tertipde çagyrylmagynyň guralmagyna ýardam bermelidigi barada aýdylýar.
Hormatly ulanyjy!
Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.