Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy bilen duşuşdy

1739

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyngurluşyk kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşykda myhman Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy, işlemek üçin ähli zerur şertler döredilen türkmen bazarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň aprel aýynda Ýaponiýa saparynyň dowamynda ýokary derejede gepleşikleriň geçirilendigini we möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny belläp, saparyň çäklerinde Hiroýuki Subaý bilen duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutany saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň «EKSPO — 2025» Bütündünýä sergisine gatnaşandygyny aýdyp, sergide ilkinji bolup Türkmenistanyň Milli gününiň hem-de pawilýonynyň açylyş dabarasynyň geçirilendigini kanagatlanma bilen belledi.

Hiroýuki Subaý Prezident Serdar Berdimuhamedowyň saparynyň dowamynda Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygynda beýan eden teklipleriniň we başlangyçlarynyň ähmiýetini belläp, häzirki wagtda bu teklipleri durmuşa geçirmäge girişilendigini aýtdy.

Özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmagyň dowamynda iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde ýapon kompaniýalarynyň uly goşandy bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň gaz we himiýa senagatynda taslamalary amala aşyrýandyklaryny aýdyp, ýurtda döredilen amatly şertleri hasaba almak bilen, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky gatnaşyklary ösdürmekde Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň alyp barýan işiniň ähmiýeti nygtaldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň Türkmenistanda birnäçe iri taslamalaryň gurluşygyna gatnaşandygyny belläp, türkmen döwletiniň bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlygy geljekde hem ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

Işewür Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalaryna netijeli işlemäge döredilýän hemmetaraplaýyn amatly şertler üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belledi.

Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.