Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda bugdaý oragy guramaçylykly dowam edýär. Hasyly ýitgisiz ýygnap almak hem-de galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda bolsa ýetişdirilen hasyly ýygnap almak we bu önümler bilen içerki bazarlary üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Häkimler Türkmenistany 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýetişdirilen bugdaý hasylynyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagynyň, şeýle hem gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň oba hojalyk önümçiliginde ýokary netijeleri gazanmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi we bu babatda häkimlere anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň çäklerinde welaýatlarda ýerine ýetirilýän işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurduň oba hojalygy pudagynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Hasabatda häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň, Lebap welaýatynda şalynyň, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişiniň dowam edýändigi barada hem aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, önümçilikde ýokary görkezijileri gazanmak üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi we wise-premýere ýurduň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň, hususan-da, galla oragynyň talabalaýyk we guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, galla oragynyň batly depginlerde alnyp barylýandygyny belledi we bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de ekinlere ideg etmekden başlap, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işlerine çenli oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly ulanyjy!
Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.