Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýanyň öňki Federal Prezidenti Horst Köleriň aradan çykanlygy zerarly Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyndaky gynanç kitabynda ýazgy galdyrdy – diýip, Germaniýanyň diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berýär.
«Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow we köp sanly ilçiler Germaniýanyň öňki Federal prezidenti doktor Horst Köleriň aradan çykanlygy zerarly Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ilçihanasynda goýlan gynanç kitabynda ýazgy galdyrdylar. Ilçihana bu hoşniýetli raýdaşlyk sarpasy üçin çuňňur hoşallygyny beýan edýär» — diýlip, habarda bellenýär.
2004-2010-njy ýyllarda ýokary döwlet wezipesini eýelän Germaniýanyň öňki prezidenti Horst Köler 1-nji fewralda 81 ýaşynda agyr keselden aradan çykdy.
Hormatly ulanyjy!
Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.