«PostShop» onlaýn dükany ýurduň ähli künjegine harytlaryň eltilişiniň täze amatly şertlerini yglan etdi. Indi 5 kg çenli agramy bolan ýüküň islendik ýere iberilmeginiň bahasy bary-ýogy 5 manada barabar, her indiki kilogram bolsa satyn alyjylara 2 manada düşer.
Google Play we App Store programmalarynda elýeterli bolan PostShop ykjam goşundysy elektronikadan we öý tehnikalaryndan başlap, egin-başlar we öý üçin harytlara çenli dürli harytlaryň giň görnüşini hödürleýär. Hyzmat — «Türkmenpoçta» hyzmatdaş kompaniýa arkaly çalt eltip bermegi üpjün edýär: Aşgabada sargytlar bir günüň dowamynda, welaýatlara bolsa 3-5 günüň dowamynda ýerine ýetirilýär.
Alyjylar özleri üçin tölegiň amatly usulyny saýlap bilerler: gowşurylanda nagt görnüşde ýa-da bank geçirmesi arkaly. Adaty söwda etmegi makul bilýänler üçin şu görkezilen salgyda oflaýn-dükan işleýär: Aşgabat ş., B. Annanow köçesi, 39 A.
Eltip bermekligiň täze nyrhnamalary Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň ýaşaýjylary üçin hyzmaty has-da elýeterli edýär we ol PostShop resmi goşundysy arkaly onlaýn söwdanyň artykmaçlyklaryny nygtaýar.
Degişli maglumatlary almak üçin telefon belgisi: 72 89 52.
Hormatly ulanyjy!
Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.