Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen neşir açyşlar, halkymyzyň ruhy mirasy boýunça geçirilen gözlegleriň netijeleri baradaky makalalaryň tapgyryny okyjylara ýetirmegini dowam etdirýär. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçen 2025-nji ýylda milli medeni hem-de taryhy gymmatlyklarymyza häzirki döwrüň nukdaýnazaryndan täzeçe baha bermekde köp sanly işler amala aşyryldy.
Žurnalyň ilkinji sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaşulularyň halkara güni, Türkmen alabaýynyň baýramy, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl mynasybetli Gutlaglary ýerleşdirilipdir. “Täze ylmy açyşlar” atly bölümde “Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň dabaralanmagy” we “Bitaraplyk — Türkmenistanyň taryhy, häzirki döwri we geljegi” atly makalalar bar. Bu makalalarda ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk hukuk derejesine toplumlaýyn seljerme berilýär. Awtorlar ýurdumyzyň yzygiderli durmuşa geçirilýän daşary syýasatyny milli gymmatlyklara, giň gerimli halkara hyzmatdaşlyga we netijeli ählumumy dialogy pugtalandyrmaga ygrarlylygy özünde jemleýän, halkyň taryhy tejribesine daýanýan ugur hökmünde häsiýetlendirýärler.
Agzalan bölümdäki Seljuklar döwründen häzirki wagta çenli milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine bagyşlanan “Türkmenistanda gadymyýetden gelýän lukmançylyk ýoly” atly makala okyjylaryň ünsüni çekip biler. Awtor dünýäniň lukmançylyk ylmynyň kemala gelmegine görnükli türkmen alymlarynyň uly goşant goşandyklaryny nygtaýar. Hususan-da, orta asyrlarda ýazylan “Kysasyl enbiýa” atly eserde hem ady agzalýan Lukman Hekim barada durlup geçilýär. Makalada lukman Arkadagymyzyň eserlerinden maglumatlar getirilýär. Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň çäginden geçýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky şäherler özüniň hassahanalary — maristanlary bilen şöhratlanypdyr. Alymlaryň pikirine görä, Beýik Ýüpek ýolunyň Sarahs we Merw şahasynyň iri nokatlarynyň biri bolan Daňdanakanda hem bu ýerden geçýän söwda kerwenlerine hyzmat eden şeýle hassahanalaryň biri ýerleşen bolmaly. Awtoryň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň innowasion enjamlary ornaşdyrylan bejeriş-anyklaýyş, ylmy-kliniki merkezleriň, häzirki zaman lukmançylyk edaralarynyň toplumy hereket edýär. Ilatyň saglygyny goramakda we berkitmekde Türkmenistanyň gazanan ägirt uly üstünlikleri halkara bileleşigiň ýokary bahasyna eýe bolýar.
“Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” atly bölümde Türkiýe Respublikasynyň Pamukkale uniwersitetiniň “Häzirki zaman türk dialektleri we edebiýaty” bölüminiň mugallymy Söner Saglamyň “Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy-azat” eserinde maşgala gatnaşyklary we nesil terbiýesi” atly makalasy ýerleşdirilipdir. Döwletmämmet Azadynyň döredijiliginde ata-ene bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklarda milli garaýyşlar beýan edilýär. Onuň ylmy-terbiýeçilik eserinde çaganyň ata-enesiniň öňündäki kyrk borjy hakynda pikir-garaýyşlary hem-de şahyryň çuňňur mana eýe bolan goşgulary ýerleşdirilipdir. Asyrlaryň geçendigine garamazdan, akyldaryň pikir-garaýyşlary öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Bu öwüt-nesihatlara adamyň akylyna we ahlagyna uly täsirini ýetirýän durmuş ündewleri hökmünde garalýar. Jemgyýetiň möhüm bölegi hökmünde maşgalanyň döremegi içerki ylalaşygy pugtalandyrmaga gönüden-göni ýardam edýär. Bu, öz gezeginde, döwletiň bitewüliginiň we durnuklylygynyň binýady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, XVIII asyr meşhur türkmen akyldarynyň işleriniň arasynda “Wagzy-azat” eseri milli gymmatlyklary we jebisligi wagyz etmäge gönükdirilen wajyp gollanma hökmünde aýratyn tapawutlanýar. Nygtalyşy ýaly, Azadynyň eserleriniň türki halklaryň dillerine terjime edilmegi we giňden ýaýradylmagy medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary hem-de bu halklaryň raýdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm şert bolup hyzmat edýär.
Taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak we halkymyzyň ruhy mirasyny has-da baýlaşdyrmak türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan esaslandyrylyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Halkymyzyň milli mirasyny ýaýratmagyň we döredijilik üstünliklerini wagyz etmegiň çäklerinde ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin täzeçil hem-de baý mazmunly çemeleşmeleriň ulgamy kemala getirilýär. Taryhy-medeni mirasy diňe bir taglymlaýyn binýat däl, eýsem, halkyň möhüm ruhy, ykdysady we durmuş maýasy hökmünde görýän döwletimiz bu ugurda giň gerimli ylmy-barlag işlerini ýaýbaňlandyrýar.
“Paryzdepäniň Änew medeniýetine degişli gatlaklary” atly makalada gadymy ilatly ýerde dürli ýyllarda geçirilen arheologik barlaglar barada söz açylýar. Awtoryň belleýşi ýaly, bu ýadygärligiň üstki böleginde 1947-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Günorta Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasy tarapyndan barlag geçirilýär. Ondan soňky ylmy barlaglar 1983-nji ýylda W.N.Pilipkonyň ýolbaşçylygynda akademiýanyň degişli ekspedisiýasy tarapyndan dowam etdirilýär. Ýadygärligiň ýokarky gatlaklarynda geçirilen barlaglaryň netijesinde demir asyrynyň irki we Parfiýa patyşalygynyň döwürlerinden giçki orta asyrlara çenli aralykda bu ýerde medeni ösüşiň üznüksiz häsiýete eýe bolandygy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň, Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň işgärleri tarapyndan 2016-njy ýylda ýadygärligi toplumlaýyn öwrenmegiň täze tapgyryna badalga berildi. 2024-2025-nji ýyllaryň möwsümleýin meýdan işlerinde hünärmenler ýadygärligiň senenama sütünini anyklamaga aýratyn üns berdiler. Barlaglar “Erkgala” diýlip atlandyrylan belentligiň gündogar tarapynda ýerleşýän şurfda (barlag çukury) alnyp baryldy. 2019-njy ýylda başlanan işler desganyň binýatlaýyn derejesinden pesde ýerleşen, meýdançany toplumlaýyn açmak usuly arkaly has irki döwürde ýüze çykarylan aşaky çuňluklarda dowam etdirildi. Şurflarda geçirilen gazuw işleri birnäçe arheologik tapyndylary ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Keramiki gap-gaçlaryň bölekleri, toýundan ýasalyp bişirilen ikbaşlar, işlenen we işlenmedik daşlar, metal önümleriniň ownuk bölekleri, haýwanlaryň süňkleri ýüze çykarylan tapyndylaryň hataryndadyr.
Gadymy hatlary gorap saklamak işinde innowasion çözgütleri utgaşdyrmagyň ugurlaryny şöhlelendirýän “Gadymy golýazmalar we häzirki zaman çözgütleri” atly makala degişli hünärmenleriň hem-de okyjylaryň ünsüni özüne çeker.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ýazuw ýadygärlikleriniň goraglylygyny üpjün etmek möhüm döwlet wezipeleriniň hatarynda durýar. Gaýtalanmajak taryhy maglumatlar hökmünde bu resminamalar wagtyň geçmegi bilen tebigy zaýalanmalara, çüýremelere sezewar bolýar. Awtoryň belleýşi ýaly, kagyzyň könelmegi bilen baglylykda, resminamalary öz wagtynda rejelemek we dikeltmek meseleleri has uly ähmiýete eýe bolýar. Şeýle ýadygärlikleri dikeltmek işleri gadymy senetçilik usullary bilen ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň utgaşdyrylmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman tejribesinde gymmatly resminamalar gaýtadan işlenilende zaýalanma töwekgelçiligini azaldýan tebigy serişdelere möhüm orun berilýär.
Adaty zyýansyzlandyryjy serişdeleriň himiki düzümini we mikroorganizmleriň olara kem-kemden öwrenişmekleri ýaly birnäçe ýetmezçiliklerini göz öňünde tutanyňda, ekologik taýdan howpsuz, netijeli usullaryň ýüze çykarylmagy aýratyn ähmiýetlidir. Tebigatdan rejeli peýdalanmagyň köpasyrlyk däplerine daýanmak bilen, türkmen alymlary efir ýaglarynyň zyýansyzlandyryjy aýratynlyklaryny öwrenýärler. Bu ylmy gözleglerde türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işi möhüm nazary gollanma bolup hyzmat edýär. Ylmy işiň jiltleriniň birinji bölüminde ösümlik garyndylarynyň himiki düzümi we olaryň aýratynlyklary giňişleýin beýan edilýär. Esasan, yssy howa şertlerinde ösýän ýurdumyzyň ösümlik dünýäsi gaýtalanmajak tebigy serişdelere baýdyr. Yssy howa şertlerine uýgunlaşmagy netijesinde ösümlikleriň işläp çykarýan efir we beýleki ýaglara, alkoloidlere baý bolmagy olardan ýokary hilli gorag hem-de arassaçylyk serişdelerini almaga mümkinçilik berýär. Munuň özi arhiw we rejeleýiş işinde möhüm ähmiýete eýedir.
Neşir «Ylmy we medeni durmuş habarlary» atly bölüm bilen jemlenýär. Onda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dördünji çärýeginde bolup geçen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýän möhüm wakalar öz beýanyny tapýar. “Miras” žurnalynyň sahypalarynda ýerleşdirilen köp sanly fotosuratlar makalalara goşmaça öwüşgin berýär. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilmegi ony dünýä ýurtlarynyň okyjylary üçin hem elýeterli edýär.
Hormatly ulanyjy!
Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.