Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdmuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary başlaýar. Gahryman Arkadag «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» atly her ýyl geçirilýän XVI Halkara Ykdysady Forumyň işine gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagyna ýurr Russiýa Federasiýasy we Yslam dünýäsi bilen köpugurly gatnaşyklary saklamak, syýasy, ykdysady, söwda, medeniýet we ynsanperwer ugurlar boýunça uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan seredýär.
Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen hyzmatdaşlyk bu prosessiň möhüm tarapy bolup durýar. Olaryň arasynda Tatarystan Respublikasy güýçli gor-senagat mümkinçilikleri, şeýle-de iki doganlyk halklaryň arasyndaky taryhy arabaglanyşyk sebäpli aýratyn orun eýeleýär.
Soňky wagtlarda Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky gatnaşyklara olary täze hilli derejä çykarýan goşmaça kuwwatly itergi berildi.
Ykdysadyýet, söwda we ulag pudaklarynda Tatarystanyň edara-kärhanalary we kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk netijeli ösýär. Oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän senagatda geljekki ähmiýetli mümkinçilikler açylýar. Bilim, ylym, medeni we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky köptaraply we netijeli gatnaşyklar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhüm bölegi bolup çykyş edýär.
«Türkmenistanyň Kazan forumyna wekilçilikli gatnaşmagynyň her ýyl oňa gatnaşyjylaryň arasynda biziň ýurdumyza bolan gyzyklanmany artdyrýandygyny, Türkmenistanyň Yslam dünýäsinde barha artýan abraýyna, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işindeişjeň we döredijilikli ornunyň ykrar edilmegine şaýatlyk edýändigini aýtmak gerek» diýlip habarda bellenilýär.
Hususan-da, ýöriteleşdirilen düzümleriň – Yslam Ösüş Bankynyň we Azyk howpsuzlygy boýunça Yslam guramasynyň işleriniň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlara we tekliplere berilýän ýokary baha munuň subutnamasydyr. Türkmenistan bu guramalarda işlemegiň uly we oňyn tejribesini hyzmatdaşlary bilen, şol sanda «KazanForum» forumynyň meýdançalarynda hem paýlaşmaga taýýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kazana sapary, geçiriljek duşuşyklar we gepleşikler türkmen-rus döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de çuňlaşdyrmak prosessinde möhüm waka bolar. Şeýle hem ýurduň Yslam dünýäsiniň döwletleri bilen gatnaşyklaryny ep-esli pugtalandyrar, birek-birege hormatly, konstruktiw we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze şertleri döreder.
Hormatly ulanyjy!
Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.