Aşgabatda Owganystanyň önümleriniň sergisi we işewürler maslahaty geçiriler

912

Şu ýylyň 23 – 27-nji fewralynda Aşgabatda Owganystanyň önümleriniň sergisiniň we işewürler maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çärelere goňşy ýurduň haryt öndüriji kompaniýalarynyň hem-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän işewürleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew bu çärelere görülýän taýýarlyk barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, serginiň we işewürler maslahatynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, Türkmenistanda öndürilýän önümleri Owganystana eksport etmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda Owganystanyň önümleriniň sergisiniň we işewürler maslahatynyň geçirilmeginiň türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutany bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

  1. Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew bilelikde bag ekdiler
  2. Prezident gowaça ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy
  3. Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
  4. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
  5. Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparyny AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gutlady
  6. Türkmen wekiliýeti UNECE-niň «Durnukly energetika hepdeligi — 2024» çägindäki ýörite mejlise gatnaşdy
  7. Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşdy
  8. Aşgabat “Turkmentextile Expo-2025” halkara sergi-ýarmarkasyny kabul etmegine taýýarlanýar
  9. Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
  10. TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 363 müň dollaryndan gowrak boldy
  11. Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 55 göterim ýokarlandy
  12. Ýolagçylara edilýän hyzmatlar has-da kämilleşdiriler
  13. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
  14. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniyet meseleleri boýunça geňeşçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlady
  15. Türkmenistan sanly tehnologiýalary ösdürmeklige uly ähmiýet berýär
  16. Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly üçin başlangyçlaryny hödürledi
  17. Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
  18. Mişustin: rus-türkmen hyzmatdaşlygyny giňeltmek iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýär
  19. Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
  20. Türkmenistan dünýädäki ýagdaýy syýasy-diplomatik ýol bilen, gepleşikler arkaly çözüp boljakdygyndan ugur alýar
Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.