Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda geçirilýän halkara kinofestiwala gatnaşyjylara Gutlag iberdi

530

Aşgabatda Türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwal öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu halkara kinofestiwala gatnaşyjylara Gutlag bilen ýüzlendi.

"Türkmenistan" gazetinde çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany şeýle belleýär:

"Hormatly halkara kinofestiwala gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Aşgabat şäherinde geçirilýän «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türki halklaryň köpdürli medeniýetiniň, şeýle hem ruhy taýdan ýakynlygynyň kämilleşmegine özboluşly goşant goşjak bu festiwalyň işine uly üstünlik arzuw edýärin.

Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan maksatlara laýyklykda, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary barha ösdürýär. Ýurdumyzda ählumumy parahatçylygy, özara düşünişmegi has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli işler alnyp barylýar. Dünýäniň döwletleri bilen ýola goýulýan gatnaşyklarda medeni diplomatiýa hem möhüm ähmiýet berilýär. Çünki medeniýet we sungat halklary ýakynlaşdyrmakda dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär.

Hormatly kinofestiwala gatnaşyjylar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasy, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyz dost-doganlygyň, halkara hyzmatdaşlygyň mekanyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäheri bolsa «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi.

Beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toý-dabaraly günlerinde türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň Aşgabat şäherinde geçirilmeginde hem uly many bardyr. Bu günki gün ak mermerli paýtagtymyzda halkara festiwallary, konsertleri we forumlary ýokary derejede geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilip, ýurdumyzyň bu ugurda toplan tejribesi bütin dünýäde ykrar edilýär.

Gadyrly dostlar!

Türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri medeniýetiň, sungatyň, ylym-bilimiň ösen mekany hasaplanýar. Türkmen topragy beýik şahsyýetleri bilen hem şöhratlanyp, taryhda öçmejek yz goýdy. Biz Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly meşhur seljuk soltanlarynyň kemala gelen ýurdunda ýaşaýarys. Şöhratly ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten milli medeni mirasymyz we gymmatlyklarymyz häzirki döwürde barha ösdürilýär. «Türkmenfilm» birleşigine Oguz hanyň adynyň dakylmagy hem merdana pederlerimize, şöhratly taryhymyza belent sarpadan nyşandyr. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilýän filmleriň halkara kinofestiwallarda gazanýan üstünliklerine biz tüýs ýürekden guwanýarys.

Häzirki wagtda Diýarymyzda kinematografiýa işiniň kämilleşdirilmegine, milli filmleriň döredilmegine we köpçülige görkezilmegine, kinofestiwallaryň geçirilmegine, türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtlarda guralýan ugurdaş halkara çärelere gatnaşmaklaryna uly ähmiýet berýäris. Geçen ýyl Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda kemala gelen Arkadag şäherinde «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal üstünlikli geçirildi. Bu festiwal baý mazmuna eýe bolup, kino sungaty boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde oňyn netijeleri berdi.

Türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň esasy maksady hem kinematografiýa babatda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekden, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Bu çärä türki döwletler bilen birlikde, Russiýa Federasiýasynyň meşhur kino hünärmenleriniň, aktýorlarynyň we bilermenleriniň gatnaşmaklary bolsa bu ugurda hyzmatdaşlygyň geriminiň barha giňelýändigini görkezýär.

Hormatly myhmanlar!

Bu günki gün kino sungatynyň döwrebap ösüşleri ähli halklary parahatçylyga çagyrýar, agzybirligi we jebisligi berkidýär. Sungatyň güýji ýürekleri birleşdirýän gudrata öwrülýär. «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň çäginde guraljak çäreleriň hem halklaryň arasynda dost-doganlygy has-da berkitjekdigine, halkara medeni hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly halkara kinofestiwala gatnaşyjylar!

Gadyrly dostlar!

Sizi «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin".

  1. Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
  2. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
  3. Türkmen wekiliýeti UNECE-niň «Durnukly energetika hepdeligi — 2024» çägindäki ýörite mejlise gatnaşdy
  4. Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
  5. TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 363 müň dollaryndan gowrak boldy
  6. Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 55 göterim ýokarlandy
  7. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
  8. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniyet meseleleri boýunça geňeşçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlady
  9. Türkmenistan sanly tehnologiýalary ösdürmeklige uly ähmiýet berýär
  10. Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
  11. Türkmenistan dünýädäki ýagdaýy syýasy-diplomatik ýol bilen, gepleşikler arkaly çözüp boljakdygyndan ugur alýar
  12. Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
  13. Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" goşgusy
  14. Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görýär
  15. TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 405 müň dollaryndan gowrak boldy
  16. Türkmenistanda 2025-nji ýylda içerki sarp edijiler üçin nebit önümleriniň möçberleri tassyklandy
  17. Bakuda Magtymgulynyň goşgularyň türkmen we azerbaýjan dillerindäki ýygyndysy tanyşdyryldy
  18. «Garabogazkarbamid» zawodynda öndürilen karbamidiň 1 million tonnadan gowragy daşary ýurtlara eksport edildi
  19. “Türkmennebit” Döwlet konserni buraw we tehniki enjamlaryny satyn almak boýunça halkara BÄSLEŞIK yglan etdi
  20. Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.