«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy guramalara «Jañlar merkezi» hyzmatyny hödürleýär

1555

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy ýuridiki şahslara «Jañlar merkezi» (Call-center) hyzmatyndan peýdalanmagy teklip edýär. Bu hyzmat kompaniýalaryň, guramalaryň, şeýle hem kiçi we orta telekeçileriň müşderilerinden gelen ýüzlenmeleri gaýtadan işlemäge we maglumat bermegi üpjün etmäge niýetlenendir.

Hyzmat bir wagtda bir telefon belgisine birnäçe gelen jaňy kabul etmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa aragatnaşyk ugrunda islendik wagtda elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Bu aýratynlyk giň müşderi binýady bolan guramalar üçin örän möhüm bolup, hemişelik ikitaraplaýyn gatnaşygy saklamaga mümkinçilik döredýär.

«Jañlar merkezine» birikdirme şertnama baglaşylandan soň amala aşyrylýar. Bu esasy aragatnaşyk ugurlarynyñ ýeňilleşdirilmegine hem-de hyzmatyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär. Müşderiler zerur maglumatlary tiz we amatly wagtda alyp bilýärler, bu bolsa kompaniýa bolan ynamyň artmagyna kömek edýär.

Hyzmatyň mümkinçiliklerine şular girýär:

awtomatiki sesli garşylama;

interaktiw ses ulgamy (IVR);

jaňlaryň degişli bölümlere ýa-da işgärlere ugradylyşy;

ähli gepleşikleriň ýazgy edilmegi.

Giňişleýin maglumatlary 071 telefon belgisi boýunça ýa-da «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň resmi sahypasynda https://telecom.tm/tm/call-center/ alyp bilersiňiz.

  1. Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew bilelikde bag ekdiler
  2. Prezident gowaça ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy
  3. Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
  4. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
  5. Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparyny AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gutlady
  6. Türkmen wekiliýeti UNECE-niň «Durnukly energetika hepdeligi — 2024» çägindäki ýörite mejlise gatnaşdy
  7. Aşgabat “Turkmentextile Expo-2025” halkara sergi-ýarmarkasyny kabul etmegine taýýarlanýar
  8. Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
  9. TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 363 müň dollaryndan gowrak boldy
  10. Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 55 göterim ýokarlandy
  11. Ýolagçylara edilýän hyzmatlar has-da kämilleşdiriler
  12. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
  13. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniyet meseleleri boýunça geňeşçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlady
  14. Türkmenistan sanly tehnologiýalary ösdürmeklige uly ähmiýet berýär
  15. Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly üçin başlangyçlaryny hödürledi
  16. Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
  17. Mişustin: rus-türkmen hyzmatdaşlygyny giňeltmek iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýär
  18. Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
  19. Türkmenistan dünýädäki ýagdaýy syýasy-diplomatik ýol bilen, gepleşikler arkaly çözüp boljakdygyndan ugur alýar
  20. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlarynyň halkara ykrarnamasy
Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.