Ýükleri halkara derejede ugratmak üçin birnäçe möhüm resminamalar talap edilýär. Olardan esasylary:
1. Gümrük deklarasiýasy CN 22: Ownuk paketler üçin ulanylýar. Mazmunyň, bahanyň we agramyň beýanyny öz içine alýar.
2. Gümrük deklarasiýasy CN 23: Has uly posylkalar üçin ulanylýar. Mazmunyň jikme-jik beýany, gymmaty, agramy we gümrük taýdan resmileşdirmek üçin zerur bolan beýleki maglumatlary öz içine alýar.
3. Resminama taýdan tassyklaýyş: Bukjany ugradyjy we alyjy barada maglumatlar.
4. Hasap-faktura: Bukjadaky harytlaryň bahasyny tassyklaýan hasap-faktura. Esasanam täjirçilik iberişleri üçin möhümdir.
5. Rugsatlar: Käbir ýagdaýlarda, esasanam iberilýän harytlar ýörite düzgünlere ýa-da çäklendirmelere sezewar bolan halatynda goşmaça rugsatlar ýa-da ygtyýarnamalar talap edilip bilner.
Mysal formalary
Hormatly ulanyjy!
Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.