Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatory bilen duşuşdy

1433

Ýaponiýada saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen hem duşuşdy. Bu barada "Türkmenistan" gazetiniň internet sahypasynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, ýapon Imperatorynyň köşgünde geçirilen duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiň täze tapgyryna çykandygyny aýdyp, iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini belledi.

Ýaponiýa öňdebaryjy tehnologiýalary, senagatlaşdyrmagyň ýokary derejesi bilen meşhurlykdan peýdalanýar. Türkmenistan bolsa tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolup, ýapon tehnologiýalaryny çekmek arkaly olary has netijeli ulanmaga çalyşýar. Şular barada aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň soňky ýyllarda elektroenergetika, nebitgaz senagaty, himiýa we gurluşyk, ulag, oba hojalygy ýaly pudaklaryny işjeň döwrebaplaşdyrýandygyna ünsi çekdi.

Duşuşykda nygtalyşy ýaly, Ýaponiýa ýokary tehnologiýalar ulgamynda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, maglumat tehnologiýalary, ekologiýa, durnukly ösüş ýaly ugurlarda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirilýär.

Şeýle-de duşuşykda medeni-ynsanperwer ulgamyň döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýandygy bellenildi.

  1. Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew bilelikde bag ekdiler
  2. Prezident gowaça ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy
  3. Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
  4. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
  5. Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparyny AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gutlady
  6. Türkmen wekiliýeti UNECE-niň «Durnukly energetika hepdeligi — 2024» çägindäki ýörite mejlise gatnaşdy
  7. Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşdy
  8. Aşgabat “Turkmentextile Expo-2025” halkara sergi-ýarmarkasyny kabul etmegine taýýarlanýar
  9. Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
  10. TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 363 müň dollaryndan gowrak boldy
  11. Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 55 göterim ýokarlandy
  12. Ýolagçylara edilýän hyzmatlar has-da kämilleşdiriler
  13. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
  14. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniyet meseleleri boýunça geňeşçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlady
  15. Türkmenistan sanly tehnologiýalary ösdürmeklige uly ähmiýet berýär
  16. Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly üçin başlangyçlaryny hödürledi
  17. Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
  18. Mişustin: rus-türkmen hyzmatdaşlygyny giňeltmek iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýär
  19. Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
  20. Türkmenistan dünýädäki ýagdaýy syýasy-diplomatik ýol bilen, gepleşikler arkaly çözüp boljakdygyndan ugur alýar
Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.