Mişustin: rus-türkmen hyzmatdaşlygyny giňeltmek iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýär

1284

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Nowruz baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi we hatynda rus-türkmen gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Bu barada TDH habar berýär.

 Sizi Nowruz baýramy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu bahar baýramy agzybirligiň, hoşniýetli däpleriň, parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň nyşany bolup durýar.

Rus-türkmen gatnaşyklarynyň dostluk, özara hormat goýmak we strategik hyzmatdaşlyk ruhunda üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýaryn  diýip, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen hatynda ýazýar.

Gutlag hatynyň ahyrynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň ähli halkyna bolsa abadançylyk we bagtyýarlyk arzuw edýär.

  1. TDHÇMB-da söwdalaşyklar: setin agardylmadyk mata, “TPP D 30 S” markaly polipropilen we suwaldylan gaz ýerlenildi
  2. Türkmenistanda zehinli çagalaryň 100-e golaýyna Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy
  3. «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi
  4. Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew bilelikde bag ekdiler
  5. Prezident gowaça ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy
  6. Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
  7. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
  8. Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparyny AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gutlady
  9. Türkmen wekiliýeti UNECE-niň «Durnukly energetika hepdeligi — 2024» çägindäki ýörite mejlise gatnaşdy
  10. Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşdy
  11. Aşgabat “Turkmentextile Expo-2025” halkara sergi-ýarmarkasyny kabul etmegine taýýarlanýar
  12. Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
  13. TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 363 müň dollaryndan gowrak boldy
  14. Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 55 göterim ýokarlandy
  15. Ýolagçylara edilýän hyzmatlar has-da kämilleşdiriler
  16. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
  17. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniyet meseleleri boýunça geňeşçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlady
  18. Türkmenistan sanly tehnologiýalary ösdürmeklige uly ähmiýet berýär
  19. Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly üçin başlangyçlaryny hödürledi
  20. Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.