Aşgabatda hytaý wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

1202

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň partiýa komitetiniň sekretarynyň orunbasary Sin Şanpiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Pikir alyşmalaryň barşynda häzirki wagtda hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ugurlaryň giň toplumy boýunça depginli ösýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma eýe bolan esasy we has möhüm ugurlary dogrusynda durup geçdiler.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşmagyň, dostlugyň ýokary derejesi netijeli döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin oňaýly şertleri döredýär.

Gepleşiklere gatnaşyjylaryň umumy pikirlerine görä, häzirki wagtda parlamentleriň we partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklar işjeň alnyp barylýar, iki ýurduň syýasy partiýalarynyň wekilleriniň özara saparlary yzygiderli guralýar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar dostlukly dialogy pugtalandyrmakda söwda-ykdysady gatnaşyklaryna möhüm ornuň degişlidigini bellediler.

Medeni-ynsanperwer ulgamda ylym, bilim, medeni alyşmalar, hytaý diliniň öwredilmegi ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy bellenildi.

Söhbetdeşler özara Medeniýet günleriniň ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga itergi berýändigini nygtadylar.

  1. Prezident gowaça ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy
  2. Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
  3. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
  4. Türkmen wekiliýeti UNECE-niň «Durnukly energetika hepdeligi — 2024» çägindäki ýörite mejlise gatnaşdy
  5. Aşgabat “Turkmentextile Expo-2025” halkara sergi-ýarmarkasyny kabul etmegine taýýarlanýar
  6. Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
  7. TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 363 müň dollaryndan gowrak boldy
  8. Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 55 göterim ýokarlandy
  9. Ýolagçylara edilýän hyzmatlar has-da kämilleşdiriler
  10. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
  11. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniyet meseleleri boýunça geňeşçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlady
  12. Türkmenistan sanly tehnologiýalary ösdürmeklige uly ähmiýet berýär
  13. Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly üçin başlangyçlaryny hödürledi
  14. Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
  15. Mişustin: rus-türkmen hyzmatdaşlygyny giňeltmek iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýär
  16. Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
  17. Türkmenistan dünýädäki ýagdaýy syýasy-diplomatik ýol bilen, gepleşikler arkaly çözüp boljakdygyndan ugur alýar
  18. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlarynyň halkara ykrarnamasy
  19. Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
  20. Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" goşgusy
Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.