“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna döwrebap çaparçylyk hyzmatlaryny hödürleýär. Bu hyzmatlar ýurduň bütin çägi boýunça elýeterlidir. Ol “gapydan-gapa” iş usuly boýunça amala aşyrylýar.
Çaparlary 92-14-95 belgisine jaň edip ýa-da ÇaparPay mobile goşundysynyň üsti bilen öýe çenli çagyryp bilersiňiz. Şeýle mümkinçilik kompanýanyň saýtynda hem elýeterlidir. Munuň üçin görkezilen bölümleri degişli maglumatlar bilen doldurmaly.
Çaparçylyk hyzmatlary şu ugurlar boýunça berilýär:
Haty we agramy 2 kilograma çenli bolan ýüki bir welaýatyň içinde eltip bermek adaty tertipde - 30 manat.
Türkmenistanyň çäginde hat ýa-da agramy 2 kilograma çenli ýüki eltip bermek adaty tertipde - 40manat.
“Türkmenpoçtanyň” beýleki hyzmat ugurlary bilen 92-14-95 belgili telefon arkaly tanyşyp bilersiňiz.
Kompaniýanyň resmi saýtynyň üç dilde: türkmen, rus we iňlis dillerinde işleýändigini ýatladýarys.
Hormatly ulanyjy!
Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.