Türkmenistanyň wekillerini Londona — IMO-nyň ştab-kwartirasyna ugradarlar

2295

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hem-de beýleki degişli edaralaryň wekiliýetleri 2026-njy ýylyň dowamynda Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Londondaky ştab-kwartirasyna guraljak saparlara gatnaşar. Bu baradaky teklipler anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow tarapyndan beýan edildi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýurduň 1993-nji ýyldan bäri agzasy bolup durýan IMO bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek döwletiň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu güne çenli Türkmenistan bu guramanyň 14 sany konwensiýasyna goşuldy we bu ulgamda milli kanunçylygy hem-de amaly işleri yzygiderli kämilleşdirýär.

Ulag diplomatiýasyndaky başlangyçlary durmuşa geçirmek maksady bilen, Raşid Meredow degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekillerinden ybarat bolan iş toparyny döretmegi teklip etdi. Bu toparyň öňünde duran ilkinji wezipeleriň biri — Türkmenistanyň IMO-nyň «Halkara gämi gatnawlaryny ýeňilleşdirmek boýunça» konwensiýasyna goşulmagyna taýýarlyk görmek bolar. Bu bolsa daşary söwda gatnaşyklarynyň giňelmegine ýardam eder.

Mundan başga-da, 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk meýilnamasy IMO-nyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana saparlaryny guramagy, şeýle hem guramanyň wekilleriniň gatnaşmagynda okuw-amaly maslahatlaryny geçirmegi öz içine alýar.

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň hasabatyny diňläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow deňiz gatnawlary ulgamynda halkara talaplarynyň üpjün edilmeginiň wajypdygyny belledi we hödürlenen teklipleri makullady.

Halkara deňiz guramasy (International Maritime Organization) — BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolup, ol 1948-nji ýylda (işine 1959-njy ýylda başlady) gämileriň gatnawynyň howpsuzlygyny üpjün etmek, deňiz gurşawynyň hapalanmagynyň öňüni almak we halkara söwda gämi gatnawyny ösdürmek maksady bilen döredildi.

  1. «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi
  2. Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew bilelikde bag ekdiler
  3. Prezident gowaça ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy
  4. Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
  5. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
  6. Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparyny AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gutlady
  7. Türkmen wekiliýeti UNECE-niň «Durnukly energetika hepdeligi — 2024» çägindäki ýörite mejlise gatnaşdy
  8. Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
  9. Gambiýa Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanama bildirýär
  10. Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 55 göterim ýokarlandy
  11. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
  12. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniyet meseleleri boýunça geňeşçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlady
  13. Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
  14. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergä gatnaşyjylara
  15. Ynsanperwerlik ruhunda: çagalaryň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeldip
  16. Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
  17. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlarynyň halkara ykrarnamasy
  18. Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" goşgusy
  19. Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görýär
  20. TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 405 müň dollaryndan gowrak boldy
Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.