Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy bilen duşuşygy

2148

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga bilen duşuşdy.

Fukuşiro Nukaga belent mertebeli myhman bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, Türkmenistanyň strategik taýdan ähmiýetli Merkezi Aziýa sebitinde Ýaponiýanyň esasy hyzmatdaşy bolup durýandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ynanyşmaga we özara hormat goýmaga esaslanýan türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde şu gezekki duşuşygyň ähmiýetini belledi.

Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda türkmen-ýapon parlamentara hyzmatdaşlygy durnukly, yzygiderli häsiýete eýe bolup, hil taýdan täze derejä çykaryldy. Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň arasynda dostluk toparlary hereket edýär. Bu toparlar kanun çykaryjylyk işinde we ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary ýola goýmak, pikir alyşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, parlament diplomatiýasynyň häzirki döwürde barha artýan ähmiýetini nazara almak bilen, parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyna üns çekildi.

Fukuşiro Nukaga hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň aprelinde Ýaponiýa amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy we “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynyň ilkinji bolup açylandygyny we onuň serginiň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolandygyny belledi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

  1. «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi
  2. Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew bilelikde bag ekdiler
  3. Prezident gowaça ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy
  4. Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
  5. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
  6. Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparyny AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gutlady
  7. Türkmen wekiliýeti UNECE-niň «Durnukly energetika hepdeligi — 2024» çägindäki ýörite mejlise gatnaşdy
  8. Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
  9. Gambiýa Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanama bildirýär
  10. Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 55 göterim ýokarlandy
  11. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
  12. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniyet meseleleri boýunça geňeşçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlady
  13. Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
  14. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergä gatnaşyjylara
  15. Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
  16. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlarynyň halkara ykrarnamasy
  17. Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" goşgusy
  18. Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görýär
  19. TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 405 müň dollaryndan gowrak boldy
  20. Bakuda Magtymgulynyň goşgularyň türkmen we azerbaýjan dillerindäki ýygyndysy tanyşdyryldy
Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.