Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

2114

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm işleri geçirilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda endigan gögeriş alnyp, häzirki wagtda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda dabaraly çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, baýramçylyk günlerinde bazarlary we söwda nokatlaryny azyk harytlarynyň dürli görnüşleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň netijeli alnyp barylmagynyň ekinlerden bol hasyl almaga, oba hojalygynda ýokary görkezijileri gazanmaga ýardam berýändigini belledi we häkime degişli görkezmeleri berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda sebitiň gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, 2026-njy ýylyň hasyly üçin meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmek, bazarlary we dükanlary azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň oba hojalygyny durnukly ösdürmegiň esasy şerti bolup durýandygyny belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitde pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli ulanylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda endigan gögeriş alynýar. Häkim ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görmek, baýramçylyk günlerinde bazarlarda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek boýunça görülýän çäreler barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak we döwlet harmanyna tabşyrmak, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak maksady bilen, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görmek, bazarlardyr dükanlary azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga hem ýardam berýändigini belledi we häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Şeýle-de geljek ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, ýaş maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Welaýatda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul etmek babatda-da degişli işler alnyp barylýar. Şeýle-de häkim ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda dabaraly çäreleri guramaçylykly geçirmek, baýramçylyk günlerinde bazarlary we söwda nokatlaryny azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pagta hasylynyň soňky hanasyna çenli ýygnalyp alynmagyny, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýokary hilli ýerine ýetirilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda degişli agrotehniki çäreler, hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak maksady bilen, meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Geljek ýyl möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary abatlamak işleri geçirilýär. Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, bu möwsümi öz wagtynda geçirmek ugrunda zerur işler ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün edýän esasy pudak hökmünde oba hojalygynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribesini giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin zerur çäreleri görmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyk alyp barmagy, haşal otlara garşy işleri wagtynda geçirmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini talabalaýyk ýola goýmagy we bugdaýdan kadaly gögeriş almak üçin zerur işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekip, welaýatlarda täze ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamak, şüdügär sürüminiň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilişine berk gözegçilik etmek, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almak ugrunda degişli işleri geçirmek, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny talabalaýyk taýýarlamak üçin häzirden zerur işleri geçirmek babatda tabşyryklary berdi.

Welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta hasyly, geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilişine gözegçilik etmek, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine gowy taýýarlyk görmek, baýramçylyk günlerinde edara-kärhanalarda gije-gündizleýin nobatçylygy guramak, bazarlary we dükanlary dürli harytlar bilen bolelin üpjün etmek üçin häzirden zerur işleri geçirmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

  1. «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi
  2. Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew bilelikde bag ekdiler
  3. Prezident gowaça ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy
  4. Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
  5. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
  6. Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparyny AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gutlady
  7. Türkmen wekiliýeti UNECE-niň «Durnukly energetika hepdeligi — 2024» çägindäki ýörite mejlise gatnaşdy
  8. Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
  9. Gambiýa Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanama bildirýär
  10. Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 55 göterim ýokarlandy
  11. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
  12. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniyet meseleleri boýunça geňeşçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlady
  13. Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
  14. Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
  15. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlarynyň halkara ykrarnamasy
  16. Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" goşgusy
  17. Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görýär
  18. TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 405 müň dollaryndan gowrak boldy
  19. Bakuda Magtymgulynyň goşgularyň türkmen we azerbaýjan dillerindäki ýygyndysy tanyşdyryldy
  20. Türkmenistanyň we Gruziýanyň KHBS-leriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler
Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.