Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin gelen Gambiýa Respublikasynyň wise-prezidenti Mohammed Jallow bilen duşuşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistan dürli ýurtlar bilen, şol sanda, Afrika döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýurduň Gambiýa Respublikasy bilen syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem myhmanyň saparynyň çäklerinde ýurduň ykdysady gazananlary bilen tanyşjakdygyny hem-de Türkmenistanyň resmi wekilleri bilen duşuşjakdygyny belläp, bu saparyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Gambiýa Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmek baradaky teklipleri goldamaga taýýardygyny beýan etdi.
Gambiýanyň wise-prezidenti medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada belläp, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Özara hormat goýmak we açyklyk häsiýetde geçen duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Gambiýa Respublikasynyň wise-prezidenti Mohammed Jallow ählumumy başlangyçlaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Hormatly ulanyjy!
Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.