Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada halkara foruma taýýarlyk görlüşi bilen tanyşdy

1784

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljermek maksadynda, Balkan welaýatyna iş sapary bilen bardy we foruma taýýarlygyň derejesi, bu babatda amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, «Awaza» köpugurly sport toplumynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan şekil taslamalar, halkara maslahata taýýarlygyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan guramaçylyk işleri barada maglumat berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň ähli çäginde, ilkinji nobatda, ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, halkara forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, onuň dolandyryş binasynyň enjamlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigi, dolandyryş merkezinde maslahatyň guramaçylyk ýagdaýynyň ähli ugurlarynyň gözegçilikde saklanylmalydygy barada aýdyldy.

Halkara forumy guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň anyk meýilnama esasynda alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, Gahryman Arkadag bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynyň ähmiýetini belledi.

Forumyň geçirilýän ýerinde dünýäniň dürli dillerinde degişli ýazgylaryň, şygarlaryň göze gelüwli ýagdaýda ýerleşdirilmelidigi, halkara maslahata gatnaşyjylaryň forum bilen baglanyşykly isleg-arzuwlarynyň içgin öwrenilmelidigi barada hem aýdyldy. Şeýle-de Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlykdan habar berýän wideoýazgylaryň görkezilmelidigi bellenildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde görkezilýän şekil taslamalar bilen tanyşdy. Hususan-da, halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde toplumyň abadanlaşdyrylyş we enjamlaşdyrylyş derejesine, onuň bölümlerinde döredilýän şertlere degişli taslamalar, çyzgylar görkezildi. Şol bir wagtyň özünde, toplumyň binalarynyň aýratynlyklary, halkara forumyň çäklerinde göz öňünde tutulýan duşuşyklaryň we degişli ugurlar boýunça bölümlerde boljak maslahatlaryň geçiriljek otaglarynyň taýýarlyk derejesi barada maglumatlar berildi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy.

  1. TDHÇMB-da söwdalaşyklar: setin agardylmadyk mata, “TPP D 30 S” markaly polipropilen we suwaldylan gaz ýerlenildi
  2. Türkmenistanda zehinli çagalaryň 100-e golaýyna Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy
  3. «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi
  4. Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew bilelikde bag ekdiler
  5. Prezident gowaça ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy
  6. Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
  7. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
  8. Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparyny AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gutlady
  9. Türkmen wekiliýeti UNECE-niň «Durnukly energetika hepdeligi — 2024» çägindäki ýörite mejlise gatnaşdy
  10. Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşdy
  11. Aşgabat “Turkmentextile Expo-2025” halkara sergi-ýarmarkasyny kabul etmegine taýýarlanýar
  12. Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
  13. TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 363 müň dollaryndan gowrak boldy
  14. Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 55 göterim ýokarlandy
  15. Ýolagçylara edilýän hyzmatlar has-da kämilleşdiriler
  16. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
  17. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniyet meseleleri boýunça geňeşçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlady
  18. Türkmenistan sanly tehnologiýalary ösdürmeklige uly ähmiýet berýär
  19. Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly üçin başlangyçlaryny hödürledi
  20. Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.