Türkmenistan we Russiýa awtoulaglarda ýük daşamak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürerler

1762

23 — 25-nji iýun aralygynda Aşgabat şäherinde Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň wekilleri bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň awtomobil gatnawlaryny amala aşyrýan düzümleri hem gatnaşdy. Gepleşiklerde halkara awtoulag gatnawlaryny ösdürmek meselelerine garaldy. Bu barada Halkara awtoulagly daşaýjylaryň assosiasiýasy (ASMAP) habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda türkmen tarapy 2024-2025-nji ýyllarda ýük daşaýşyň möçberiniň ep-esli artandygyny belledi. Bu ösüş Türkmenistandan oba hojalyk önümleriniň we halk sarp ediş harytlarynyň eksportyny artdyrmaga gönükdirilen döwlet goldaw çäreleri bilen baglydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň rugsatnamalarynyň ýetmezçiligi sebäpli türkmen ýük ugradyjylarynyň Gazagystan we Belarus ýaly üçünji ýurtlaryň daşaýjylarynyň hyzmatlaryna ýüz tutmaga mejbur bolýandyklary barada hem durlup geçildi. Bu bolsa, Russiýanyň sarp edijileri üçin harytlaryň gymmatlamagyna sebäp bolýar.

Öz gezeginde, rus tarapy Russiýanyň awtomobil daşaýjylaryny ikitaraplaýyn ýük daşamak işine has işjeň çekmäge gyzyklanma bildirdi.

Türkmen tarapy bolsa, rus awtoulaglarynyň tiz wagtda ýüklenmäge taýýar edilmegi şertinde şeýle hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Russiýanyň wekiliýetiniň haýyşy boýunça türkmen tarapy ýurduň çäginden awtoulag bilen ýük daşamak şertleri we daşary ýurt awtoulag serişdelerinden alynýan tölegleriň möçberi barada maglumat berdi.

Duşuşygyň çäklerinde rus wekilleri türkmen daşaýjylary, ýük eýeleri we önüm öndürijiler bilen hyzmatdaşlygyň şertlerini ara alyp maslahatlaşdylar, mundan beýläk hyzmatdaşlyk üçin aragatnaşyk maglumatlaryny alyşdylar.

Gepleşikleriň netijesinde taraplar gönüden-göni gatnaşyklary ýola goýmagyň ähmiýeti nygtalyp, meýilleşdirilen hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça ara alyp maslahatlaşmalary dowam etdirmek barada ylalaşyldy.

  1. Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew bilelikde bag ekdiler
  2. Prezident gowaça ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy
  3. Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
  4. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
  5. Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparyny AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gutlady
  6. Türkmen wekiliýeti UNECE-niň «Durnukly energetika hepdeligi — 2024» çägindäki ýörite mejlise gatnaşdy
  7. Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşdy
  8. Aşgabat “Turkmentextile Expo-2025” halkara sergi-ýarmarkasyny kabul etmegine taýýarlanýar
  9. Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
  10. TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 363 müň dollaryndan gowrak boldy
  11. Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 55 göterim ýokarlandy
  12. Ýolagçylara edilýän hyzmatlar has-da kämilleşdiriler
  13. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
  14. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniyet meseleleri boýunça geňeşçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlady
  15. Türkmenistan sanly tehnologiýalary ösdürmeklige uly ähmiýet berýär
  16. Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly üçin başlangyçlaryny hödürledi
  17. Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
  18. Mişustin: rus-türkmen hyzmatdaşlygyny giňeltmek iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýär
  19. Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
  20. Türkmenistan dünýädäki ýagdaýy syýasy-diplomatik ýol bilen, gepleşikler arkaly çözüp boljakdygyndan ugur alýar
Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.