Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi

1750

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Haruo Nagamatsuny kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Işewür ak mermerli Aşgabadyň gözel binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, myhmanyň saparynyň dowamynda ýolbaşçylyk edýän korporasiýasynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy barada gepleşikleri geçirjekdigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, bu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini netijeli ulanmakda ýapon kompaniýalarynyň uly goşandy bellenildi. “Toyo Engineering” korporasiýasy bilen ýurdumyzyň nebitgaz we himiýa pudaklarynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiz bu hyzmatdaşlygy geljekde täze ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçiligiň bardygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň korporasiýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Haruo Nagamatsuwa işinde üstünlikleri arzuw etdi.

  1. «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi
  2. Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew bilelikde bag ekdiler
  3. Prezident gowaça ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy
  4. Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
  5. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
  6. Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparyny AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gutlady
  7. Türkmen wekiliýeti UNECE-niň «Durnukly energetika hepdeligi — 2024» çägindäki ýörite mejlise gatnaşdy
  8. Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
  9. Gambiýa Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanama bildirýär
  10. Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 55 göterim ýokarlandy
  11. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
  12. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniyet meseleleri boýunça geňeşçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlady
  13. Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
  14. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlarynyň halkara ykrarnamasy
  15. Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" goşgusy
  16. Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görýär
  17. TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 405 müň dollaryndan gowrak boldy
  18. Bakuda Magtymgulynyň goşgularyň türkmen we azerbaýjan dillerindäki ýygyndysy tanyşdyryldy
  19. Türkmenistanyň we Gruziýanyň KHBS-leriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler
  20. «Garabogazkarbamid» zawodynda öndürilen karbamidiň 1 million tonnadan gowragy daşary ýurtlara eksport edildi
Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.