Türkmenistanyň we Gruziýanyň KHBS-leriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

1331

Şu gün Gruziýanyň Jemgyýetçilik habar beriş serişdesiniň edara binasynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow bilen edaranyň maglumatlar gullugynyň ýolbaşçysy E.Şoniýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň ilçihanasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda ileri tutulýan hem-de okgunly häsiýete eýe bolan köpugurly gatnaşyklar barada belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, Gruziýanyň Premýer-ministri I.Kobahidzeniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy geljekde öňe ilerletmekde uly ähmiýetiniň bardygy nygtaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň medeni-ynsanperwer ugruna hem degip geçdiler. Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp geçiriljek uly gerimli halkara çäreler hakynda E.Şoniýa gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda, iki dostlukly döwletde geçirilýän halkara çärelerini halk köpçüligine ýetirmek, dokumental filmleriň we wideorolikleriň görkezilişini guramak ýaly işlerde iki ýurduň hem KHBS-leriniň işjeň gatnaşmagynyň wajypdygy bellenildi.

Taraplar iki ýurduň KHBS-leriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özara düşünişmekligiň berkemegine, medeni ugurlarda tejribe alyşmaklyga we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geriminiň giňelmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

  1. «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi
  2. Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew bilelikde bag ekdiler
  3. Prezident gowaça ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy
  4. Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
  5. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
  6. Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparyny AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gutlady
  7. Türkmen wekiliýeti UNECE-niň «Durnukly energetika hepdeligi — 2024» çägindäki ýörite mejlise gatnaşdy
  8. Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
  9. Gambiýa Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanama bildirýär
  10. Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 55 göterim ýokarlandy
  11. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
  12. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniyet meseleleri boýunça geňeşçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlady
  13. Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
  14. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlarynyň halkara ykrarnamasy
  15. Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" goşgusy
  16. Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görýär
  17. TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 405 müň dollaryndan gowrak boldy
  18. Bakuda Magtymgulynyň goşgularyň türkmen we azerbaýjan dillerindäki ýygyndysy tanyşdyryldy
  19. Türkmenistanyň we Gruziýanyň KHBS-leriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler
  20. «Garabogazkarbamid» zawodynda öndürilen karbamidiň 1 million tonnadan gowragy daşary ýurtlara eksport edildi
Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.