Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi bilen gutlady

1278

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyny 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen gutlady.

"Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň halkara ähmiýetini dabaralandyrýan bu hoş habar biziň müňýyllyklardan gözbaş alýan bitaraplyk taglymatymyza, döwletimiziň Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer syýasatyna, parahatçylyk, ynanyşmak däplerini rowaçlandyrmak ugrundaky başlangyçlaryna berlen ýokary bahadyr" diýip, döwlet Baştutany belleýär.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryna laýyklykda üçünji gezek ykrar edildi.

"Biziň Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyçlaryny we maksatnamalaryny işjeň durmuşa geçirmekde, dünýä bileleşigi bilen parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde alyp barýan syýasatymyza ýokary baha berip, bu Kararnamany goldan ähli döwletlere Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de ähli halkynyň minnetdarlygy çäksizdir" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.

"Biziň tekliplerimiz esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan bu ugurda möhüm Kararnamalar kabul edilip, ýurdumyzyň dünýädäki abraýy has-da pugtalanýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde biragyzdan kabul edilen täze Kararnama hem alyp barýan syýasatymyzy mundan beýläk-de ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmäge, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge gönükdirmäge borçlandyrýar. Bu Kararnama halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýän döwletimiziň daşary syýasatynda hem-de halkara gatnaşyklarynda täze mümkinçilikleri açýar" diýip, döwlet Baştutany belleýär.

  1. Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew bilelikde bag ekdiler
  2. Prezident gowaça ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy
  3. Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
  4. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
  5. Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparyny AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gutlady
  6. Türkmen wekiliýeti UNECE-niň «Durnukly energetika hepdeligi — 2024» çägindäki ýörite mejlise gatnaşdy
  7. Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşdy
  8. Aşgabat “Turkmentextile Expo-2025” halkara sergi-ýarmarkasyny kabul etmegine taýýarlanýar
  9. Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
  10. TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 363 müň dollaryndan gowrak boldy
  11. Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 55 göterim ýokarlandy
  12. Ýolagçylara edilýän hyzmatlar has-da kämilleşdiriler
  13. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
  14. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniyet meseleleri boýunça geňeşçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlady
  15. Türkmenistan sanly tehnologiýalary ösdürmeklige uly ähmiýet berýär
  16. Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly üçin başlangyçlaryny hödürledi
  17. Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
  18. Mişustin: rus-türkmen hyzmatdaşlygyny giňeltmek iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýär
  19. Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
  20. Türkmenistan dünýädäki ýagdaýy syýasy-diplomatik ýol bilen, gepleşikler arkaly çözüp boljakdygyndan ugur alýar
Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.