Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy bilen ÝUNISEF-iň arasynda duşuşyk geçirildi

1223

Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirilen Gazna bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy bellediler. Jalpa Ratna Gaznanyň halkara giňişligindäki ýokary abraýyny nygtady we ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilendigini kanagatlanma bilen belledi. Şeýle hem, Gaznanyň ynsanperwer ugurdaky işlerine ýokary baha berdi we türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygynda Gaznanyň alyp barýan işleriniň bütindünýä nusgalykdygyny belläp geçdi.

Döredilenden bäri dört ýylyň dowamynda Gazna tarapyndan dürli ýurtlarda heläkçilik zerarly ejir çeken çagalara kömek berlendigi şeýle hem Türkmenistanda köp sanly mätäç çagalara bejergi geçirlendigi nygtaldy.

Oguljahan Atabaýewa Gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygyna bagyşlanyp meýilleşdirilýän uly göwrümli çäreler barada habar berdi we ÝUNISEF-iň wekillerini şol çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryna hem garaldy diýip, “Watan” habarlar gepleşinde habar berildi.

Şeýle hem şol gün Gaznanyň wise-prezidenti Müdiriýetiň mejlisini geçirdi, onda Gaznanyň döredilen gününe bagyşlanan çäreleri guramaçylykly geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Bu çärelerde Gaznanyň “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäginde ýaş nesliň saglygyny berkitmekde gazanan üstünliklerini şöhlelendirmegiň zerurlygy nygtaldy.şeýle hem ozaldan gelýän adamkärçilik ýörelgelerini mundan beýläk-de ösdürmegiň we bu ugurda beýleki ýurtlar bilen tejribe alyşmagyň ähmiýeti bellendi.

  1. Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew bilelikde bag ekdiler
  2. Prezident gowaça ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy
  3. Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
  4. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
  5. Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparyny AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gutlady
  6. Türkmen wekiliýeti UNECE-niň «Durnukly energetika hepdeligi — 2024» çägindäki ýörite mejlise gatnaşdy
  7. Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşdy
  8. Aşgabat “Turkmentextile Expo-2025” halkara sergi-ýarmarkasyny kabul etmegine taýýarlanýar
  9. Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
  10. TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 363 müň dollaryndan gowrak boldy
  11. Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 55 göterim ýokarlandy
  12. Ýolagçylara edilýän hyzmatlar has-da kämilleşdiriler
  13. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
  14. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniyet meseleleri boýunça geňeşçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlady
  15. Türkmenistan sanly tehnologiýalary ösdürmeklige uly ähmiýet berýär
  16. Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly üçin başlangyçlaryny hödürledi
  17. Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
  18. Mişustin: rus-türkmen hyzmatdaşlygyny giňeltmek iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýär
  19. Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
  20. Türkmenistan dünýädäki ýagdaýy syýasy-diplomatik ýol bilen, gepleşikler arkaly çözüp boljakdygyndan ugur alýar
Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.