Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygy we dialogy pugtalandyrmakda yzygiderli tagalla edýär

1095

18-nji fewralda Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara gatnaşyklary berkitmekde diplomatiýanyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary, işgärleri we weteranlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň, milli we daşary ýurt KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hünär baýramy mynasybetli diplomatik işgärlerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri çykyş etdiler.

Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow öz çykyşynda gatnaşyjylaryň ünsüni milli diplomatik gullugynyň özboluşlylygyna çekmek bilen, türkmen diplomatiýasyna, onuň häsiýetli aýratynlyklaryna, kemala gelşine we iş netijelerine, milli aýratynlyklaryň, dessurlaryň, adatlaryň we dünýägaraýşyň çuňňur daýanç gatlaklaryndan üzňe, taryhy nukdaýnazardan aýra seredilip bilinmejekdigini aýtdy. Bu manyda Türkmenistanyň diplomatiýasy öz halkynyň mirasdüşeridir, bitaraplyk bolsa, halkara gatnaşyklarynyň subýekti hökmünde türkmen döwletliliginiň taryhy ýolunyň iň ýokary ýüze çykmasydyr.

Maslahata gatnaşyjylaryň bellemegine görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň goldawy bilen Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli berkidilýär, infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar, diplomatik işgärleriniň gününiň döredilmegi bolsa, milli diplomatiýanyň ähmiýetli orun eýeleýändigine, şeýle hem jemgyýetde diplomatik hünäriniň ykrar edilýändigine güwä geçýär.

Nygtalyşy ýaly, ählumumylaşmak şertlerinde däbe öwrülen we häzirki zaman wezipeleriň hem-de iş ugurlarynyň sazlaşygynyň nusgasy bolan, şeýle-de deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk, düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine eýermek bilen, döwletleriň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna möhüm goşant goşýan türkmen diplomatiýasynyň halkara gatnaşyklaryndaky ähmiýeti ýokarlanýar.

Çykyş edenler türkmen diplomatlaryny hünär baýramçylyklary bilen gutladylar we olara jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat we Bitarap Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki ornuny berkitmekde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de geljekde-de öňde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Maslahatyň çäklerinde DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurduň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, şeýle-de hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygyna we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ýörite sergi guraldy.

Milli senenamamyzyň möhüm baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, oňyn daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine goşan şahsy goşantlary üçin bu gullugyň halypalaryna “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany hem-de degişli şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Asylly däbe görä, hünär baýramynyň şanyna Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary üçin diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine we Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň şu ýyl okuwy tamamlaýan tapawutlanan talyplaryna Daşary işler ministrliginiň diplomlaryny gowşurmak dabarasy hem boldy.

Maslahat tamamlanandan soňra, DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi.

  1. Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew bilelikde bag ekdiler
  2. Prezident gowaça ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy
  3. Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
  4. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
  5. Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparyny AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gutlady
  6. Türkmen wekiliýeti UNECE-niň «Durnukly energetika hepdeligi — 2024» çägindäki ýörite mejlise gatnaşdy
  7. Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşdy
  8. Aşgabat “Turkmentextile Expo-2025” halkara sergi-ýarmarkasyny kabul etmegine taýýarlanýar
  9. Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
  10. TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 363 müň dollaryndan gowrak boldy
  11. Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 55 göterim ýokarlandy
  12. Ýolagçylara edilýän hyzmatlar has-da kämilleşdiriler
  13. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
  14. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniyet meseleleri boýunça geňeşçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlady
  15. Türkmenistan sanly tehnologiýalary ösdürmeklige uly ähmiýet berýär
  16. Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly üçin başlangyçlaryny hödürledi
  17. Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
  18. Mişustin: rus-türkmen hyzmatdaşlygyny giňeltmek iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýär
  19. Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
  20. Türkmenistan dünýädäki ýagdaýy syýasy-diplomatik ýol bilen, gepleşikler arkaly çözüp boljakdygyndan ugur alýar
Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.