«Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2025-nji ýyldaki ilkinji sany okyjylara ýetirildi

1044

Türkmen okyjylarynyň ýaş nesli eýýäm iki ýyldan bäri özleri üçin çap edilip gelinýän neşiriň ― «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň her aýda täze sany sany bilen tanşyp gelýärler.

Žurnalyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky ilkinji, umumylykda bolsa 25-nji sany «Magtymgulynyň edebi mirasynyň çuňňur beýany» atly makala bilen açylýar. Edil şol sahypalarda ýerleşdirilen «Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!» atly makala bolsa üstümizdäki ýyla bagyşlanýar.

Ýaňy bir ilkinji aýy yzda galan ýyly eýýämden «Şanly ýyl» diýip häsiýetlendirmäge esas kän. Munuň bir sebäbi «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýakynda gazanan halkara üstünligidir. Monte-Karlodaky sirk sungatynyň halkara festiwalynda Altyn baýraga mynasyp bolan topary ýurdumyzyň ýaşlar neşiriniň döredijilik işgärleri hem gyzgyn gutlaýarlar.

Žurnalyň täze sanynda rus dilinde paýlaşylan ilkinji makalada parahatçylygyň we ynanyşmagyň gadyry barada söhbet edilýär. «Ýyllaň gelşi taglymyndan bellidir...» atly makalada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň wekilleriniň ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň we milli parlamentimiziň işgärleri bilen Balkan welaýatyna amala aşyran iş sapary we saparyň dowamynda geçirilen duşuşyklar barada gürrüň berilýär.

Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň täze ýeňijileriniň ýürek buýsançlaryna bagyşlanan çykyş «Ýaşajyk zehinler ― döwrümiziň Güneşi» diýlip atlandyrylypdyr. Indiki sahypada bolsa her ýyl gowşurylýan bu baýragyň eýelerine söz berilýär.

Neşiriň täze sanynda iňlis dilindäki ilkinji makala Arkadag şäherine bagyşlanypdyr. Indiki makalada bolsa ätiýaçlandyryş hyzmatyndaky sanly ulgamyň mümkinçilikleri barada gürrüň berilýär. «Ýaşlara ekologik terbiýe bermekde Magtymgulynyň döredijiliginiň ähmiýeti» atly makala neşiriň şu sanyndaky iň täsirli çykyşlaryň biri bolupdyr.

Ýaşulularyň we ýaşlaryň arasyndaky gadyr-hormata eýlenen gatnaşyk «Nesilleriň kämil mekdebi» atly makalada beýanyny tapýar. Şol sahypalarda ýerleşdirilen «Zenan sarpasy» atly makala hem ýaşlara terbiýeçilik taýdan iňňän ähmiýetlidir. Bu pikir «Maşgala gymmatlyklary ― barlygyň we baýlygyň ruhy çeşmesi» atly makalada hem ýöredilýär.

Neşiriň däbe öwrülen «Ýaşlar ― ylym dünýäsinde» atly makalalar toplumyndaky çykyşda ýaş alymlaryň alyp baran ylmy gözlegleri barada gürrüň berilýär. Şeýle hem şol sahypalarda döwrebap bank ulgamynyň milli ykdysadyýetimizdäki ornuna bagyşlanan makala orun berlipdir.

«Adamzadyň paýhas ummany» atly makala bilen «Döwrümiziň şahyry» atly goşgy Magtymguly Pyraga we onuň beýik döredijiligine bagyşlanýar. Neşiriň täze sanyndaky «Kämillik ― üstünlige tarap ygtybarly ýol», «Gyşa galan gürrüňler» atly çykyşlar hem iňňän täsirli bolupdyr.

Neşirde halypa we döwürdeş şahyrlarymyzyň täze şygyrlary hem ýetirilýär. Ýaş nesli terbiýelemekde milli medeniýetiň ornuna (rus dilinde), dünýä giňişliginde ýaşlaryň wezipesine (iňlis dilinde) bagyşlanan makalalar okyjylary öz dünýäsine alyp gidýär.

Neşiriň täze sanynyň esasy aýratynlygy onda krosswordyň we aýlyk täleýnamanyň ýerleşdirilip başlanmagydyr. «Ýyllaryň ajaýyp ýollary» atly oýlanma bilen «Bu sözi sözlügiňizden aýryň!» atly makala hem iňňän täsirlidir. Ahyrky sahypalarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň täze yglan eden bäsleşikleriniň düzgünnamalary ýerleşdirilen.

Žurnalyň täze sanynyň ahyrky sahypalarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň senenamasy bilen hem tanşyp bilersiňiz.

  1. Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
  2. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
  3. Türkmen wekiliýeti UNECE-niň «Durnukly energetika hepdeligi — 2024» çägindäki ýörite mejlise gatnaşdy
  4. Aşgabat “Turkmentextile Expo-2025” halkara sergi-ýarmarkasyny kabul etmegine taýýarlanýar
  5. Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
  6. TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 363 müň dollaryndan gowrak boldy
  7. Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 55 göterim ýokarlandy
  8. Ýolagçylara edilýän hyzmatlar has-da kämilleşdiriler
  9. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
  10. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniyet meseleleri boýunça geňeşçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlady
  11. Türkmenistan sanly tehnologiýalary ösdürmeklige uly ähmiýet berýär
  12. Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly üçin başlangyçlaryny hödürledi
  13. Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
  14. Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
  15. Türkmenistan dünýädäki ýagdaýy syýasy-diplomatik ýol bilen, gepleşikler arkaly çözüp boljakdygyndan ugur alýar
  16. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlarynyň halkara ykrarnamasy
  17. Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
  18. Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" goşgusy
  19. Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görýär
  20. TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 405 müň dollaryndan gowrak boldy
Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.