Sakarçäge etraby 2024-nji ýylyň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi

1043

Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby 2024-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda durmuş, ykdysady, medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edildi we bu etrabyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün 2024-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda aýdyldy. Hökümet mejlisinde döwlet Baştutany bu etrabyň häkimligini sylaglamak baradaky degişli Buýruga gol çekdi. Türkmenistanyň Merkezi banky görkezilen pul baýragyny Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň serişdelerinden bölüp bermäge borçly edildi.

Şeýle-de Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasy bilen, 2025-nji ýyl boýunça degişli bäsleşik yglan edildi.

Belläp geçsek, 2023-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby iň ýokary netijeleri gazanan etrap diýlip yglan edildi hem-de 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragyna mynasyp boldy.

  1. Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
  2. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
  3. Türkmen wekiliýeti UNECE-niň «Durnukly energetika hepdeligi — 2024» çägindäki ýörite mejlise gatnaşdy
  4. Aşgabat “Turkmentextile Expo-2025” halkara sergi-ýarmarkasyny kabul etmegine taýýarlanýar
  5. Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
  6. TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 363 müň dollaryndan gowrak boldy
  7. Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 55 göterim ýokarlandy
  8. Ýolagçylara edilýän hyzmatlar has-da kämilleşdiriler
  9. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
  10. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniyet meseleleri boýunça geňeşçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlady
  11. Türkmenistan sanly tehnologiýalary ösdürmeklige uly ähmiýet berýär
  12. Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly üçin başlangyçlaryny hödürledi
  13. Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
  14. Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
  15. Türkmenistan dünýädäki ýagdaýy syýasy-diplomatik ýol bilen, gepleşikler arkaly çözüp boljakdygyndan ugur alýar
  16. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlarynyň halkara ykrarnamasy
  17. Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
  18. Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" goşgusy
  19. Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görýär
  20. TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 405 müň dollaryndan gowrak boldy
Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.