16-njy iýulda ýurduň Hökümetiniň Wellingtondaky rezidensiýasynda Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramowyň Täze Zelandiýanyň General-gubernatory Sindi Kiro ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi. Dabara Polşa, Türkiýe, Maldiw we Solomon adalaryndan hem diplomatik wekiller gatnaşdylar.
Täze Zelandiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde ilçi ýurduň Daşary işler we söwda ministrliginiň Ýewropa departamentiniň başlygy Rod Harris bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, Täze Zelandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Protokol bölüminiň başlygy, şeýle hem Türkiýäniň we Meksikanyň Täze Zelandiýadaky ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi.
Duşuşyklarda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly ulanyjy!
Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.