Sapbaýew Döwrangeldi Işangulyýewiç, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün alty aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde degişli Permana gol çekdi.
Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Taňryguly Bäşimgulyýewiç Ataýewiň üstüne ýüklenildi.
Ýeri gelende bellesek, D.Sapbaýew «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesine 2023-nji ýylyň iýul aýynda bellenilipdi.
Hormatly ulanyjy!
Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.