Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we ýurduň ähli halkyna Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem iki halkyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Lukaşenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlikleri, Belarus Respublikasynyň halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.
Hormatly ulanyjy!
Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.