Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi

1988

Şu gün Aşgabatda, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, maslahata gatnaşyjylar ilki Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdular.
Maslahat bilen ugurdaşlykda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynyň birinji gatynda türkmen halkynyň milli mirasyny, taryhyny açyp görkezýän muzeý gymmatlyklarynyň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy.
Maslahatyň barşynda ilki Türkmenistanyň Prezidentiniň bu çärä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň alyp baran işleri barada birleşigiň Prezidentiniň orunbasarynyň hasabaty diňlenildi.
Bu ýerde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalarynyň çykyşlary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Maslahatyň dowamynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işjeň agzalaryny birleşigiň Hormat haty bilen sylaglamak dabarasy-da boldy.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.