Aşgabatda ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 249 ýyllygy bellenildi

1771

Düýn Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 249 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik guraldy.

Çärä hormatly myhmany hökmünde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa gatnaşdy.

ABŞ-nyň ilçisi Elizabet Rud çykyşynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belledi.

«Geçen hepde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde nygtalyşy ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň özygtyýarlylygyna we garaşsyzlygyna çuňňur hormat goýýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty umumy başlangyçlarymyzda we tagallalarymyzda ýol görkeziji ýörelge bolup çykyş edýär hem-de ýurduň sebit hyzmatdaşlygynda we durnuklylygyň üpjün edilmeginde oňyn rol oýnamagyna mümkinçilik berýär. Biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyz, şol sanda «C5+1» formatyndaky dialog arkaly ykdysady, bilim we medeni gatnaşyklarymyzy ösdürýäris, şeýle hem serhet howpsuzlygyny güýçlendirmek, tebigy betbagtçylyklara garşy çäreleri durmuşa geçirmek hem-de sebit we ählumumy meseleleri çözmek ugrunda bilelikde işleýäris» diýip, ABŞ-nyň ilçisi aýtdy.

Öz gezeginde Dünýägözel Gulmanowa gutlag çykyşynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny nygtady. Bu ähli ugurlardaky özara gatnaşyklara degişli bolup, aýratyn-da, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlyk ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýar.

«Türkmenistan tarapyndan öňe sürülen umumadamzat gymmatlyklaryny berkitmäge gönükdirilen başlangyçlara ABŞ-nyň hemişe goldaw berýändigi we bilelikde awtordaş bolup çykyş edýänligi üçin minnetdarlyk bildirýäris» diýip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy belledi.

Çäräniň myhmanlary üçin dürli dynç alyş we güýmenje ýerleri, surata düşülýän künjekler guralyp, amerikan tagamlary hödürlenildi.

Baýramçylyk agşamynyň dowamynda amerikan kantri-rok topary we aýdymçy Jessika Linn joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdiler. Olar bilen bilelikde türkmen aýdymçylary hem çykyş etdiler.

Ýeri gelende ýatlatsak, aşgabatlylar we paýtagtyň myhmanlary 5-nji we 6-njy iýulda amerikan kantri-rok toparynyň we Jessika Linniň konsertlerine tomaşa edip bilerler.


 

  1. «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi
  2. Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew bilelikde bag ekdiler
  3. Prezident gowaça ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy
  4. Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
  5. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
  6. Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparyny AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gutlady
  7. Türkmen wekiliýeti UNECE-niň «Durnukly energetika hepdeligi — 2024» çägindäki ýörite mejlise gatnaşdy
  8. Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
  9. Gambiýa Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanama bildirýär
  10. Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 55 göterim ýokarlandy
  11. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
  12. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniyet meseleleri boýunça geňeşçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlady
  13. Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
  14. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergä gatnaşyjylara
  15. Ynsanperwerlik ruhunda: çagalaryň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeldip
  16. Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
  17. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlarynyň halkara ykrarnamasy
  18. Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" goşgusy
  19. Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görýär
  20. TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 405 müň dollaryndan gowrak boldy
Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.