Türkmen halkynyň Milli Lideri «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gül goýmak çäresine gatnaşdy

1552

Şu gün Türkmenistanda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenilýär. Bu sene mynasybetli Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gül goýmak çäresi geçirildi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Habarda teswirlenilişi ýaly, Ýeňiş baýramy ata-babalaryna buýsanýan, olaryň sargytlaryny bitirmegi özleri üçin parz iş hasaplaýan merdana türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýeňiş baýramy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdy ösdürmäge, ýaş nesilleri watançylygyň, mertligiň belent ruhunda terbiýelemäge, halkyň agzybirligini, jebisligini berkitmäge uruş we zähmet weteranlarynyň örän uly goşant goşýandyklary barada aýdylýar.

2020-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň baýram edilen gününde Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň dabaralaryna gatnaşmak hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň atasy Berdimuhamet Annaýewiň söweşen 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň nyşanyny gowşurmak üçin Aşgabada gelipdi. Bu şanly waka Beýik Watançylyk urşunyň ýyllarynda beýleki halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, duşman bilen gaýduwsyz göreşen hem-de umumy Ýeňşe mynasyp goşandyny goşan türkmenistanly esgerlere çuňňur hormatyň hem-de Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ynanyşmagyň we dostluk gatnaşyklarynyň mizemez nyşany boldy.

Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygynyň Türkmenistan üçin ýene-de bir şanly sene bolan hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda baýram edilýändigi aýratyn buýsandyryjydyr diýlip, habarda aýdylýar.

  1. «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi
  2. Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew bilelikde bag ekdiler
  3. Prezident gowaça ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy
  4. Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
  5. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
  6. Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparyny AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gutlady
  7. Türkmen wekiliýeti UNECE-niň «Durnukly energetika hepdeligi — 2024» çägindäki ýörite mejlise gatnaşdy
  8. Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
  9. Gambiýa Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanama bildirýär
  10. Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 55 göterim ýokarlandy
  11. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
  12. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniyet meseleleri boýunça geňeşçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlady
  13. Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
  14. Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
  15. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlarynyň halkara ykrarnamasy
  16. Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" goşgusy
  17. Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görýär
  18. TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 405 müň dollaryndan gowrak boldy
  19. Bakuda Magtymgulynyň goşgularyň türkmen we azerbaýjan dillerindäki ýygyndysy tanyşdyryldy
  20. Türkmenistanyň we Gruziýanyň KHBS-leriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler
Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.