Siziň Alyhezretiňiz, hormatly hanym Premýer-ministr Sanae Takaiti!
Siziň Alyhezretleriňiz döwlet Baştutanlary!
Hanymlar we jenaplar!
Bildirilen myhmansöýerlik üçin Ýaponiýanyň Hökümetine minnetdarlygymy beýan etmäge rugsat ediň!
Türkmenistan şu günki duşuşyga häzirki ählumumy geoykdysady we syýasy ýagdaýlary, dünýä ösüşiniň merkezi hökmünde Aziýanyň barha artýan ornuny nazara alyp, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýaponiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklary hil we many-mazmun taýdan täzelemek üçin möhüm tapgyr hökmünde garaýar. Şeýle ýagdaýda we täze meýilleridir şertleri göz öňünde tutup, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylmagy tebigy proses bolup durýar. Şu sammitiň geçirilmeginiň ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda ýola goýmaga we dialogyň işjeň gatnaşyjylary bolmaga taýýardyklarynyň aýdyň subutnamasydygyna ynanýaryn.
Bu gün Tokioda bilelikde Merkezi Aziýa bilen Ýaponiýanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň binýady goýulýar. Birek-biregi has gowy tanamak we ýakynlaşmak, ynanyşmak, açyklyk ýagdaýyny berkarar etmek üçin şertler döredilýär. Bu ýörelgeleriň kesgitleýji ýörelgeler boljakdygyna, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyga oňyn täsir etjekdigine, bilelikdäki giň möçberli başlangyçlary we taslamalary amala aşyrmaga ýardam berjekdigine pugta ynanýaryn. Şeýle hem biz “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň sammitiniň yzygiderli esasda geçiriljekdigine umyt edýäris. Döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň hut şeýle formaty we derejesi bilelikdäki mümkinçilikleri has netijeli ulanmaga, zerur netijäni gazanmaga mümkinçilik berer diýip hasaplaýaryn. Türkmenistan dialog boýunça hyzmatdaşlar bilen döredijilikli iş alyp barmaga taýýardyr.
“Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammiti, hakykatdan-da, ýurtlarymyzyň gatnaşyklarynyň taryhynda aýratyn orny eýeleýär. Biziň döwletlerimiz ilkinji gezek ýokary derejede bilelikde ýygnanyşyp, uzak möhletleýin, durnukly hem-de köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga umumy gyzyklanmalary tassykladylar. Türkmenistan üçin gatnaşyklaryň şeýle formaty uly ähmiýetli şert, daşary syýasat we ykdysady strategiýanyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu strategiýada Ýaponiýa dünýä ykdysadyýetiniň öňdebaryjylarynyň biri we halkara bileleşigiň ählumumy ýagdaýlaryň ösüşine möhüm goşant goşýan abraýly hem-de ygtybarly agzasy hökmünde mynasyp orun eýeleýär.
Biz Merkezi Aziýa bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi, hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylmagy hem-de iş ýüzünde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýäris. Ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýäris. Şunda ýapon işewürliginiň sebitimiziň ösdürilmegine işjeň gatnaşmagyny hyzmatdaşlygymyzyň, gürrüňsiz, ileri tutulýan ugry hasaplaýarys. Indi köp ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyz “Mitsubishi”, “Kawasaki”, “Sumitomo”, “Toyo”, “Sojitz”, “Komatsu”, “Toyota” ýaly meşhur ýapon kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip, gaz pudagy, himiýa senagaty, elektroenergetika, ulag, suw hojalygy ýaly strategik taýdan ähmiýetli ulgamlarda iri we uzak möhletleýin taslamalary durmuşa geçirýär.
Türkmenistanda Ýaponiýa bilen ýetilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem-de işewürlik hyzmatdaşlygynyň ýola goýlan mehanizmleriniň derejesine ýokary baha berilýär. Bu hyzmatdaşlyk netijeliligini we özara bähbitlidigini görkezdi. Energetika, senagat ulgamlarynda bilelikdäki iri taslamalaryň amala aşyrylmagy hem munuň aýdyň güwäsidir. Bu taslamalar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň gerimini we mümkinçiliklerini açyp görkezýär.
Ýaponiýa bilen uzak möhletleýin, strategik taýdan geljegi uly hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly öňe tarap dogry ýoly saýlap alandygymyza ynanýaryn. Merkezi Aziýa ýurtlary Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin uly serişdelere eýedirler. Biziň umumy wezipämiz dialoga gatnaşyjylaryň ählisiniň güýçli taraplaryny doly herekete getirmek bilen, hakykatdan-da, möhüm ähmiýetli we strategik ugurlarda tagallalarymyzy birleşdirmekden ybaratdyr. “Ýaşyl” geçiş şeýle ugurlaryň biridir. Türkmenistan Ýaponiýanyň “ýaşyl” energetika we durnukly ösüş ulgamyndaky başlangyçlaryna uly gyzyklanma bilen garaýar. Dünýäde energiýa serişdelerine baý bolan iri ýurtlaryň biri hökmünde bu ulgamda hyzmatdaşlyk biziň üçin ägirt uly ähmiýete eýedir.
Türkmenistan energiýa tygşytlaýjy, metan zyňyndylaryny azaltmak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini we beýleki ugurlaryny ornaşdyrmak syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Wodorod energetikasy aýratyn üns berilmegini talap edýän meseledir. Wodorodyň geljegiň energiýasydygyna düşünip, biz häzirden ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny öwrenmäge girişdik. Sukuba uniwersiteti hem-de onuň degişli düzümleri biziň bu ugurdaky hyzmatdaşymyzdyr. Umuman, biz “ýaşyl” energetika, energiýa tygşytlaýjy, ekologik taýdan arassa önümçilik ulgamynda baý tejribä we ýokary tehnologiýalara eýe bolan Ýaponiýa bilen ýakyn hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýäris.
Dialogyň çäklerinde durnukly ösüşi üpjün etmekde ählumumy tagallalaryň bölegi hökmünde Merkezi Aziýada “ýaşyl” geçişiň umumy çemeleşmelerini işläp taýýarlamagy maksadalaýyk hasaplaýarys. Şunuň bilen baglylykda, “ýaşyl” diplomatiýanyň — halkara giňişlikde bilelikdäki jogapkärçilige esaslanýan hem-de geljegiň bähbidine alnyp barylýan işlerde hyzmatdaşlyk nusgalarynyň ilerledilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda howanyň üýtgemegi bilen bagly, şol sanda sebitde ýöriteleşdirilen merkezleriň, hususan-da, BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň döredilmegi baradaky başlangyçlary goldamak boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini möhüm hasaplaýarys. Bu meselede Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk uly ähmiýete eýedir.
Özara baglanyşyk barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň ulag we üstaşyr baglanyşygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini nygtamak isleýärin. Biz hyzmatdaşlygyň adalatly, inklýuziw ýörelgeleriniň kemala getirilmeginiň zerurdygyndan ugur alýarys. Şunda täze ugurlar ozal hereket edýänleriniň ýerini tutman, olaryň üstüni ýetirýär. Biziň ýurdumyz Ýewropany, Ýakyn Gündogary hem-de Aziýa — Ýuwaş umman sebitini birleşdirýän multimodal ulag taslamalaryny işjeň durmuşa geçirýär. Öz maliýe we maddy serişdelerimizi bu taslamalara gönükdirýäris. Mysal üçin, Türkmenistan birnäçe daşary ýurt kompaniýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, öz serişdeleriniň hasabyna Hazaryň kenarynda häzirki zaman Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda täze howa menzilleriniň, Türkmenistany goňşy ýurtlar bolan Gazagystan, Eýran, Owganystan bilen birleşdirýän täze demir ýollaryň gurluşygyny we olaryň ulanmaga berilmegini üpjün etdi. Özbegistanyň we Gazagystanyň çäklerine çenli uzaýan awtomobil ýollarynyň gurluşygy işjeň alnyp barylýar.
Adam mümkinçiliklerini ösdürmek möhüm ugur bolup durýar. Merkezi Aziýa ýaş we okgunly ösýän, bilim, ylym, tehnologiýalar, ynsanperwer alyşmalar ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan ilatyň jemlenen sebitidir. Türkmenistan Ýaponiýa bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň talyplarynyň we mekdep okuwçylarynyň müňlerçesi häzirki wagtda ýapon dilini öwrenýärler. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň, talyplaryň we akademiki toparlaryň gatnaşyklaryny üpjün etmek maksady bilen, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” ýaşlar forumyny döretmek başlangyjy bilen çykyş edýäris. Şeýle hem “Merkezi Aziýanyň we Ýaponiýanyň zenanlarynyň dialogy” atly hemişelik hereket edýän platformany döretmegi teklip edýäris. Biziň ýurtlarymyzyň zenanlarynyň giň ugurlar boýunça ýakyn hyzmatdaşlygyny ýola goýmak bu teklibiň baş maksadydyr.
Hormatly sammite gatnaşyjylar!
Häzirki zaman şertlerinde açyk we oňyn halkara hyzmatdaşlyk aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly senesine bagyşlanyp, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen iri halkara forumyň ähmiýetini aýratyn nygtamak isleýärin. Bu forum häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda parahatçylygy, ynanyşmagy we dialogy pugtalandyrmak ýaly wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin abraýly halkara meýdança öwrüldi. Pursatdan peýdalanyp, bu foruma işjeň gatnaşan “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň gatnaşyjylaryna tüýs ýürekden minnetdarlygymy beýan edýärin. Munuň özi parahatçylyk, ynanyşmak we oňyn dialog taglymatynyň Ýer ýüzünde uly gyzyklanma eýe bolýandygynyň, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ygrarlylygyň hakyky subutnamasydyr.
Türkmenistan Bitarap döwlet bolmak bilen, ähli halkara meseleleriň diňe parahatçylykly ýollar arkaly, BMG-niň Tertipnamasyna hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda çözülmelidiginden ugur alýar. Halkara hukugy ileri tutmak ýörelgelerini berjaý etmek, halkara hukuk binýadyny mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak, şeýle hem BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň, beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň iş ýüzünde berjaý edilmeginiň netijeliligini ýokarlandyrmak esasy şert bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny goldamagyňyzy haýyş edýärin.
Aziýada ynanyşmagy pugtalandyrmak hem-de BMG-niň Tertipnamasynyň kadalary we ýörelgeleri esasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly şertleri döretmek ileri tutulýan ugurlaryň ýene biridir. Şeýle hem Türkmenistan ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk, ýadro synaglarynyň ähli görnüşlerini gadagan etmek, ýaragsyzlanmak tertibini üpjün etmek ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Bu ugurlarda hyzmatdaşlyga ählumumy howpsuzlyga, strategik durnuklylyga möhüm goşant hökmünde garaýarys.
Hormatly sammite gatnaşyjylar!
“Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammiti hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar. Türkmenistan biziň ýurtlarymyzyň arasynda ynanyşmagy, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam bermäge, bu formatyň işjeň gatnaşyjysy bolmaga taýýardyr. “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň halklarymyzyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigine hem-de halkara hyzmatdaşlygyň durnukly we netijeli gurallaryny kemala getirmegiň möhüm şerti bolup durýandygyna ynanýarys.
Hormatly ulanyjy!
Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.