Prezident Serdar Berdimuhamedow Moskwada geçirilýän Ýeňiş ýöriş dabarasyna gatnaşýar

1551

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady. Şol ýerde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşýar. Bu barada TDH habar berdi.

Kremlde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Iki döwletiň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, soňra bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Kremlden Serdar Berdimuhamedow we beýleki belent mertebeli myhmanlar –GDA ýurtlarynyň – baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin Moskwa gelen GDA ýurtlarynyň hem-de beýleki daşary ýurt döwletleriniň wekiliýetleriniň Baştutanlary bilen bilelikde Gyzyl meýdanyň Merkezi münberine tarap ugrady.

Moskwa Kremliniň Spask başnýasyndaky zaňlar ýaňlanandan soňra, Gyzyl meýdanda dabaraly Ýeňiş ýörişi başlanýar.

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş umumy gymmatlyk bolup durýar. Serdar Berdimuhamedowyň bu ýubileý dabaralaryna gatnaşmagy azat ediji gahrymanlaryň umumy edermenligine hormat-sarpanyň nyşany bolup durýar. Olar barada ýagty ýadygärlik müdimilik ýaşar.

Türkmen halky Beýik Ýeňşe mynasyp goşant goşdy. Biziň ildeşlerimiz frontlarda gaýduwsyzlyk bilen söweşip, gahrymançylyk, edermenlik we ruhubelentlik görkezdiler. Türkmenistanly esgerleriň edermenligi Watana söýginiň we borja wepalylygyň hakyky nusgasy bolup durýar. Uruşdan mähriban ojaklaryna gaýdyp gelmedik hem-de öýlerine Ýeňiş bilen gaýdyp gelen türkmenistanlylaryň atlary köp tomluk «Hatyra» we «Şöhrat» atly kitaplara girizildi.

Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.