Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy maýda Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy gurluşygy batly depginlerde dowam edýän Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleri hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.
Bu ýerde wise-premýer B.Annamämmedow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hasabatda aýdylmagyna görä, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygy, onuň enjamlaşdyrylyşy häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede alnyp barylýar. Şunda gurluşyklaryň we ulanylýan serişdeleriň ýokary hil derejesinde bolmagyna, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow binalar toplumynyň bezeg aýratynlyklaryna, institutyň okuw otaglarynyň enjamlaşdyrylyşyna degişli şekil taslamalary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Institutyň binalar toplumynyň, onuň mejlisler otaglarynyň, toplumyň ugurdaş desgalarynyň bezeg aýratynlyklary, olaryň enjamlaşdyrylyşy, okuw otaglarynda, beýleki bölümlerde hemmetaraplaýyn bilim almak we degişli tejribeleri geçirmek üçin döredilýän mümkinçilikler şu günüň talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Gahryman Arkadag bu barada aýtmak bilen, toplumyň çäginde bina edilýän umumy ýaşaýyş jaýlarynda ähli zerur mümkinçilikleriň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.
Milli Lider bu işlerde hiç hili ownuk zadyň bolmaly däldigini, institutyň binalar toplumynyň, şol sanda naharhananyň, kitaphananyň üpjünçiligine zerur üns bermelidigini, ähli otaglaryň, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna, olaryň degişli mebeller bilen üpjünçiligine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy.
Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabatda gurluşygy meýilleşdirilen “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň binalarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şunda çagalar üçin sport we oýun meýdançalary, medeni çäreleri geçirmäge niýetlenen ýerler, amfiteatr, ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek üçin niýetlenen meýdança, beýleki ugurdaş desgalar göz öňünde tutuldy.
Hormatly Arkadag merkeziň çagalardyr ýetginjekleriň köptaraply ylymly-bilimli bolmaklary, ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri üçin ähmiýetlidigini belläp, meýilleşdirilen ähli işleriň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny aýtdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Bitaraplyk binasynyň çäginde alnyp barylýan abatlaýyş işlerine degişli taslamalar bilen hem tanyşdy. Bellenilişi ýaly, Bitaraplyk binasynyň çäginde iki sany muzeý hereket eder. Halk Maslahatynyň Başlygy muzeýleriň birinjisinde «Baky ýoluň», ikinjisinde bolsa «Bitaraplygy» diýen ýazgylaryň ýerleşdirilmeginiň çuňňur mana eýe boljakdygyna ünsi çekdi. Olarda türkmen Bitaraplygynyň taryhy ýoly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň türkmen döwletiniň başlangyçlary esasynda kabul eden Kararnamalarynyň many-mazmuny öz beýanyny tapmalydyr.
Wise-premýer B.Annamämmedow häzirki döwürde Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygynyň batly depginde dowam edýändigi barada hasabat berdi. Hasabatda aýdylmagyna görä, Aşgabatda Stomatologiýa merkezi hem gurulýar. Merkeziň binalarynyň enjamlaşdyrylyşyna, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle-de paýtagtyň gözel künjekleriniň birinde 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň depgini barha ýokarlanýar. Bu ýerde 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygy hem dowam edýär. Şäheriň çäklerinde gurulýan binalaryň hatarynda ýokary amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna möhüm ornuň degişlidigini bellemeli. Şunda Aşgabat şäheriniň iri ýaşaýyş toplumlarynyň çäklerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary alnyp barylýar. Şeýle hem häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede enjamlaşdyrylýan orta mekdepleriň gurluşyklaryna wajyp orun degişlidir. Aşgabadyň gözel künjeginde 4 müň orunlyk Medeniýet merkeziniň gurluşygy hem dowam edýär. Hasabatda paýtagtyň etegindäki ýaşaýyş toplumynyň çäginde häzirki zaman ülňülerine laýyk derejede enjamlaşdyrylan saglyk öýüniň gurluşygynyň batly depginde dowam edýändigi-de aýdyldy.
Halk Maslahatynyň Başlygy wise-premýer B.Annamämmedowa hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesinde we bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda anyk görkezmeleri hem-de degişli maslahatlaryny berdi.
Hormatly ulanyjy!
Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.