Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda onkologiýa hassahanalaryny gurmak meýilleşdirilýär

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow  Türkmenistanyň Prezidentine Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän onkologiýa hassahanalary bilen bagly meseleler barada  hasabat berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, wise-premýer ýokarda agzalan hassahanalary gurmagyň taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça geçirilen degişli işleriň netijeleri barada habar berdi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ynsan saglygyny goramaga we berkitmäge, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň  gurluşygyny yzygiderli dowam etmek zerurdyr. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap derejede ösdürmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylyklda, döwlet Baştutany wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hat ýazmak

Hormatly ulanyjy!

Bu ýerde üpjün etmegiň tertibi, poçta hyzmatlarynyň bahasy we "Türkmenpoçta" PAK-yň işi bilen baglanyşykly salgylanma we maslahat beriş barada soraglar berip bilersiňiz. Jogap bermek wagty 1-den 3 iş gününe çenli.